Melek 4:1—6
4 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Ine, ojak kimin lowlap ýanýan gün geler+. Şol gün tekepbirler, zalymlar saman kimin ýanyp kül bolar. Olar köki-damary bilen ýok ediler.
2 Adyma hormat goýýan adamlaryň üstüne adalat Gün kimin nur saçar, şöhlesi sagaldar. Şonda siz mes* göle kimin bökjeklärsiňiz».
3 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Höküm etjek günüm zalymlar aýagyňyzyň astynda tozan kimin bolar. Siz olary depelärsiňiz».
4 «Gulum Musa arkaly Horepde ysraýyl halkyna beren kanunymy, tabşyryklarymy we hökümlerimi ýatlaň+.
5 Ýehowanyň beýik we gorkunç güni+ gelmänkä, men Ylýas pygamberi+ ibererin.
6 Men gelenimde, ýer ýüzüni urup ýok etmezim ýaly, ol atalarynyň ýüregini ogullaryna, ogullarynyň ýüregini atalaryna tarap öwrer»+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: semiz; baga bakylan; bordaky.