Nakyllar 11:1—31
11 Ýehowa kem çekýän terezini ýigrenýär,Dogry terezi daşyndan razydyr+.
2 Tekepbirlik masgara edýändir+,Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir+.
3 Dogruçyl adam wepaly* bolup ýaşaýar+,Dönükler içigaraçylygyndan heläk bolar+.
4 Gazap gününde baýlygyň peýdasy bolmaz+,Dogruçyllyk ölüm penjesinden halas eder+.
5 Hudaýa wepaly* adam halal ýaşap ýollaryny tekizlär,Zalym erbetliginden heläk bolar+.
6 Halal adamyň dogruçyllygy janyny halas eder+,Dönük adam nebsiniň duzagyna düşer+.
7 Erbet adam ölende, umydy öçer,Güýjüne daýanyp eden arzuwy puja çykar+.
8 Dogruçyl adam betbagtçylykdan gutular,Onuň ýerine erbet adam tutular+.
9 Hudaýsyz* adam dili bilen goňşusyny heläk edýär,Dogruçyl adam bilimi bilen halas bolýar+.
10 Dogruçylyň ýagşylygy il-güni begendirer,Erbet ölende bütin halk toý tutar+.
11 Dogruçylyň alýan berekedi şäheri gülledýär+,Erbediň dili bolsa şäheri çökerýär+.
12 Akylsyz adam goňşusyny kemsidýär,Parasatly* adam dilini saklaýar+.
13 Gybatçy* syry paş edýär+,Ynamdar adam syr saklaýar.
14 Paýhasly maslahat berilmese*, halk kösener,Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar*+.
15 Ýat adamyň karzyny boýun alan zyýan çeker+,Söz bermäge* howlukmaýan adam arkaýyn ýaşar.
16 Mylaýym zenan at-abraý gazanýar+,Rehimsiz adam baýlyk toplaýar.
17 Mähirli* adam haýyr tapar+,Gödek adam öz başyny bela sokar+.
18 Erbet adam haram gazanç edýär+,Halal ýaşaýan adam sylag alýar+.
19 Adalatyň tarapyny tutan ýaşaýyş ýolundadyr+,Zalymlygy küýseýän ölüm ýodasyndadyr.
20 Ýehowa mekir* adamy ýigrenýär+,Wepaly* ynsany görüp begenýär+.
21 Bilip goý, zalym adam jezasyz galmaz+,Dogruçylyň perzentleri aman ýaşar.
22 Owadan, ýöne akylsyz aýal,Doňzuň burnuna dakylan altyn halka ýalydyr.
23 Dogruçylyň dilegi ýerine düşer+,Erbediň umydy Hudaýyň gaharyny getirer.
24 Jomart adamyň berekedi artar+,Gysganç adam garyp düşer+.
25 Jomardyň döwleti artar+,Suw berene suw berler+.
26 Gallasyny satman, basyp goýýany halk näletlär,Arpa-bugdaý satýana il-gün alkyş aýdar.
27 Bar güýji bilen ýagşylyk edýän bereket alar+,Ýamanlygyň küýüne düşeniň maňlaýy daşa deger+.
28 Baýlygyna daýanýan ýykylar+,Dogruçyl adam al-ýaşyl öwüsýän bag ýaly bolar+.
29 Maşgalasyny utanja goýýanyň mirasy bolmaz*+,Akmak adam akyllynyň guly bolar.
30 Dogruçylyň işleri ýaşaýyş daragtydyr+.Halal ýaşamagy ündeýän adam paýhaslydyr+.
31 Dogruçyl adama temmi berilýän bolsa,Erbet bilen günäkär adam jezasyz galarmy?+
Çykgytlar
^ Ýa-da: aýypsyz.
^ Ýa-da: Aýypsyz.
^ Sözme-söz: Imandan dänen.
^ Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
^ Ýa-da: Töhmetçi.
^ Ýa-da: Tejribeli adamyň öwüt-nesihaty bolmasa.
^ Ýa-da: halk halas bolar.
^ Ýa-da: Ylalaşyk baglaşmak üçin el gysmaga.
^ Ýa-da: Wepaly söýgini bildirýän.
^ Sözme-söz: egri ýürekli.
^ Ýa-da: Aýypsyz.
^ Sözme-söz: mirasy şemal bolar.