Resullar 1:1—26

  • Luka Teofile ýüzlenýär (1—5)

  • Bütin ýer ýüzünde şaýatlyk ediler (6—8)

  • Isa asmana galýar (9—11)

  • Şägirtler bile ýygnanyşýar (12—14)

  • Iudanyň ýerine Mattyýa saýlanýar (15—26)

1  Eý Teofil, men birinji kitabymda Isanyň ähli eden işleri we öwreden zatlary barada ýazypdym+.  Ol göge galmazdan öň+, mukaddes ruh arkaly saýlan resullaryna+ köp tabşyryklar berdi.  Isa görgi görüp ölenden soňra⁠-⁠da, şägirtlerine direlendigini ençeme gezek subut etdi+. Ol 40 günläp şägirtlerine göründi we Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etdi+.  Isa olar bilen görşende: «Iýerusalimden gitmäň+. Meniň aýdan we Atamyň wada beren zadyna+ garaşyň.  Sebäbi Ýahýa suwa çümdürýärdi, emma siz tizden mukaddes ruh arkaly çümdürilersiňiz»+ diýip tabşyrdy.  Olar bir ýere ýygnanyşyp, Isadan: «Mugallym, Ysraýylda patyşalygy häzir dikeltjekmi?»+ diýip soradylar.  Isa olara: «Bellenen wagty we döwri diňe Atam bilýändir+, size bilmek hökman däl.  Emma siziň üstüňize mukaddes ruh inende+, güýjüňize güýç goşulyp, Iýerusalimde+, tutuş Ýahudada, Samariýada+ we bütin ýer ýüzünde+ men hakda wagyz edersiňiz»+ diýdi.  Isa sözüni tamamlap, şägirtleriniň gözüniň alnynda asmana galdy we bulutlaryň içinde gözden gaýyp boldy+. 10  Şägirtleri onuň asmana galşyna seredip durkalar, birdenkä ýanlarynda ak eşikli iki adam+ peýda boldy. 11  Olar: «Eý jelileliler, näme üçin asmana seredip dursuňyz? Isa siziň ýanyňyzdan nädip asmana galan bolsa, edil şonuň ýaly⁠-⁠da gaýdyp geler» diýdiler. 12  Şeýlelikde, şägirtler Zeýtun dagyndan gaýdyp, Iýerusalime geldiler+. Ol dag Iýerusalimiň golaýynda ýerleşýärdi we bir sabat günlük ýoldy. 13  Resullar şähere gelip, bolýan jaýynyň ýokarky otagyna çykdylar. Şol otagda Petrus, Ýahýa, Ýakup, Andreas, Filipus, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, yhlasly diýilýän Simun we Ýakubyň ogly Ýahuda bardy+. 14  Olar Isanyň doganlary we ejesi Merýem+ hem⁠-⁠de beýleki aýallar+ bilen dyngysyz doga edýärdiler. 15  Şol günleriň birinde 120⁠-⁠ä golaý dogan⁠-⁠uýalar doga etmek üçin ýygnandylar, şonda Petrus ýerinden turup, şeýle diýdi: 16  «Doganlar, Dawudyň mukaddes ruh arkaly aýdan pygamberligi Iudada ýerine ýetdi+. Ol Isany tussag etdirmek üçin esgerleri alyp gelipdi+. 17  Ol hem resuldy+, biziň bilen gulluk etmek üçin saýlanypdy. 18  Ol haram pula mellek satyn aldy+. Soňra ýokardan başaşak gaçyp, garny ýaryldy we içegeleri çykyp gitdi+. 19  Bolan wakany Iýerusalimiň ilaty eşitdi. Şol sebäpli satyn alnan mellege öz dillerinde „Hakeldama“, ýagny Ganly mellek diýip at goýdular. 20  Zebur kitabynda: „Öýi boşap galsyn, onda hiç kim ýaşamasyn+. Wezipesi başga birine berilsin“+ diýip ýazylgy. 21  Şeýlelikde, onuň wezipesi Halypamyz Isa ýanymyzdaka, biziň aramyzda bolan adamlaryň birine berilmeli. 22  Ol Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip+, tä asmana galan wagtyna+ çenli ýanymyzda bolanlaryň biri bolmaly. Şeýle⁠-⁠de ol Isanyň direlendigine şaýat bolmaly»+. 23  Şeýlelikde, olar iki adamy teklip etdiler. Olar Barsabat diýilýän Ýusup (oňa Ýustus hem diýýärdiler) we Mattyýady. 24  Olar şeýle doga etdiler: «Eý Ýehowa*, sen ähli adamlaryň ýüregini görýärsiň+. Olaryň haýsysyny saýlan bolsaň, bize görkezäý. 25  Ol Iudanyň ornuna geçip, resul bolup gulluk etsin, sebäbi Iuda ondan ýüz öwrüp, öz ýoly bilen gidipdi»+. 26  Soňra olar bije atdylar+, bije Mattyýa düşdi. Ol 11 resula goşuldy.