Resullar 3:1—26

  • Petrus agsak adamy sagaldýar (1—10)

  • Petrus Süleýmanyň sütünleri diýilýän ýerde söz sözleýär (11—26)

    • Hudaý ähli zady dikelder (21)

    • Musa ýaly pygamber (22)

3  Bir gün Petrus bilen Ýahýa öýlän üç töweregi* doga edilýän wagty ybadathana gitdi.  Şol wagt bir dogabitdi agsak adamy Owadan derwezäniň öňüne getirdiler. Ol her gün ybadathananyň derwezesinde oturyp pul dilärdi.  Ol Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana girip barýanyny görüp, pul diledi.  Petrus bilen Ýahýa onuň gözüne seredip: «Bize seret» diýdi.  Agsak adam bir zatlar bererler öýdüp, olara seretdi.  Petrus oňa: «Mende kümüş hem ýok, altyn hem ýok. Ýöne bar zadymdan bereýin: nazaretli Isa Mesihiň adyndan saňa diýýärin, ýöre!»+ diýdi.  Petrus agsak adamyň sag elinden tutup, ýerinden galdyrdy+. Onuň aýaklary şol bada sagaldy+.  Ol böküp turdy⁠-⁠da+, ýöräp başlady. Soňra olar bilen bile ybadathana girip, ýöräp barşyna bökjekläp, Hudaýy şöhratlandyryp barýardy.  Hemmeler onuň ýöreýändigini we Hudaýy şöhratlandyrýandygyny gördüler. 10  Adamlar ybadathananyň Owadan derwezesiniň öňünde pul diläp oturýan adamy+ tanap, aňk⁠-⁠taňk boldular. 11  Sagalan adam Petrus bilen Ýahýanyň ýanyndan aýrylmaýardy. Adamlar haýran galyp, olaryň ýanyna ylgaşyp bardylar. Olar Süleýmanyň sütünleri+ diýilýän ýerde durdylar. 12  Şonda Petrus märekä şeýle diýdi: «Eý ysraýyllar, näme üçin haýran galyp seredýärsiňiz? Biz ony öz güýjümiz ýa⁠-⁠da Hudaýa wepaly bolandygymyz üçin sagaldandyrys öýdýäňizmi? 13  Atalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy+ Guly+ Isany+ şöhratlandyrdy. Pilatus ony azat etjek bolsa⁠-⁠da, siz ondan ýüz öwrüp, ölüme tabşyrdyňyz+. 14  Siz ganhor adamy azat etdirip, mukaddes we dogruçyl adamdan ýüz öwürdiňiz+. 15  Siz ýaşaýyş berýän Baş Ýolbaşçyny öldürdiňiz+, Hudaý bolsa ony direltdi, biz muňa şaýatdyrys+. 16  Siziň görüp duran we tanaýan adamyňyzy Isanyň ady bilen sagaltdyk, sebäbi biz onuň adyna iman edýäris. Isa iman edendigimiz üçin, agsak adam hemmeleriň öňünde sag⁠-⁠salamat dur. 17  Doganlar, siz⁠-⁠de, baştutanlaryňyz⁠-⁠da ähli zady düşünmän etdiňiz+. 18  Hudaý Mesihiň görgi görjegi barada aýdan pygamberliklerini ýerine ýetirdi+. 19  Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin+ toba ediň+, erbet ýoluňyzdan dönüň+. Şonda Ýehowa* ýüregiňize rahatlyk berip*, 20  bellenen Isa Mesihi siziň üçin iberer. 21  Hudaý ähli zady dikeltjekdigini mukaddes pygamberleri arkaly aýdypdy. Şoňa çenli Isa gökde garaşmaly. 22  Musa⁠-⁠da şeýle diýipdi: „Ýehowa* Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar+, şol pygamberiň aýdýanlaryna hökman gulak asyň+. 23  Gulak asmadyk adamy Hudaý ýok eder“+. 24  Şamuwel we ondan soňky pygamberleriň ählisi şu günler hakda wagyz edýärdiler+. 25  Siz pygamberleriň ogullary we Hudaýyň ata⁠-⁠babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasdüşerleri+. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli halklary seniň nesliň* arkaly bereket alar“+ diýdi. 26  Hudaý Guluny saýlap, ilki bilen size iberdi+, sebäbi ol siziň her biriňiziň erbet ýoluňyzdan dönüp, bereket almagyňyzy isleýär».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: dokuzynjy sagatda.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowanyň ýüzünden rahatlyk gelip.
Sözme⁠-⁠söz: tohumyň.