Agyr muşakgat näme?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Agyr muşakgat diýlende, bütin adamzadyň üstüne injek juda kyn döwür göz öňünde tutulýar. Mukaddes Kitapdaky pygamberlige görä, bu döwür «soňky günlerde» ýa-da «ahyrzamanyň» öňüsyrasynda bolar (2 Timoteos 3:1; Danyýar 12:4). Mukaddes Kitapda: «Şol günler şeýle agyr muşakgat bolar welin, ol Hudaýyň ýaradan döwründen tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar» diýilýär (Markus 13:19; Danyýar 12:1; Matta 24:21, 22).
Agyr muşakgat döwri boljak wakalar
Ýalan din ýok ediler. Ýalan din göz açyp-ýumasy salymda ýok ediler (Ylham 17:1, 5; 18:9, 10, 21). Muny Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) wekili bolan syýasy ýolbaşçylar eder. Şeýdip, olar Hudaýyň islegini berjaý ederler (Ylham 17:3, 15—18) a.
Hakyky dine hüjüm ediler. Milletleriň üýşmegini aňladýan Ezekiýeliň görnüşindäki «Magok ýurdundaky... Gog» hakyky diniň tarapdarlaryny ýok etmäge synanyşar. Emma Hudaý öz gullukçylaryny gorar (Hyzkyl 38:1, 2, 9—12, 18—23).
Ýer ýüzündäki adamlar höküm ediler. Isa pygamber hemme adamlary höküm edip, «çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, ol hem adamlary iki topara böler» (Matta 25:31—33). Ol adamlara gökde özi bilen bile höküm sürjek «doganlaryny» goldaýşynyň esasynda höküm çykarar (Matta 25:34—46).
Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürjekler ýygnalar. Mesih bilen bile höküm sürmäge saýlanan wepaly adamlar ýerdäki ýaşaýşyny tamamlap, gökde ýaşamak üçin direldiler (Matta 24:31; 1 Korinfliler 15:50—53; 1 Selanikliler 4:15—17).
Armageddon. Oňa «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik güni» we «Ýehowanyň güni» diýilýär (Ylham 16:14, 16; Işaýa 13:9; 2 Petrus 3:12). Şonda Mesihiň höküm eden adamlary ýok ediler (Sepanýa 1:18; 2 Selanikliler 1:6—10). Şeýle-de Mukaddes Kitapda ýedi kelleli wagşy haýwan diýip atlandyrylýan bütin dünýäniň syýasy guramalary ýok ediler (Ylham 19:19—21).
Agyr muşakgatdan soň boljak wakalar
Şeýtan we onuň jynlarynyň täsiri çäklendiriler. Baş perişde Mikaýyl Şeýtany hem-de onuň jynlaryny «düýpsüz çuňluga» taşlar. Şonda olar ölen ýaly ýagdaýda bolar (Ylham 20:1—3). Düýpsüz çuňluga taşlanan Şeýtanyň ýagdaýyny türmede oturan adama meňzetse bolýar; ol indi hiç kime zyýan ýetirip bilmez (Ylham 20:7).
Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy başlanýar. Hudaýyň Patyşalygynyň Müňýyllyk hökümdarlygynda adamlara bol bereket berler (Ylham 5:9, 10; 20:4, 6). «Hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesi» «agyr muşakgatdan» sag-aman geçip, ýer ýüzünde ýaşarlar (Ylham 7:9, 14; Zebur 37:9—11).
a Ylham kitabynda ýalan din Beýik Wawilon, «bozuk aýal» diýip atlandyrylýar (Ylham 17:1, 5). Beýik Wawilony «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» ýok eder. Bu wagşy haýwan halklary birleşdirýän we olaryň wekili bolmak isleýän guramany aňladýar. Başda oňa Milletler Ligasy, häzir bolsa Birleşen Milletler Guramasy diýilýär.