Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda başga milletli adam bilen durmuş gurmak barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda başga milletli adam bilen durmuş gurmak barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hudaý başga milletli adam bilen durmuş gurmaga rugsat berýär. Sebäbi Ol hiç kimi ala tutmaýar. Mukaddes Kitapda: «Hudaý hiç kimi ala tutman... islendik halkdan bolan adamy kabul edýändir» diýilýär (Resullar 10:34, 35).

 Geliň, başga milletli adam bilen durmuş gurmak we olara deň garamak babatda Mukaddes Kitabyň prinsiplerine seredeliň.

Ähli milletler bir ýerden gelip çykan

 Biziň ählimiz ilkinji ynsan Adam ata bilen aýaly, ýagny Mukaddes Kitapda «ähli ýaşaýanlaryň enesi» diýlip atlandyrylýan How enäniň nesli (1 Musa 3:20). Şol sebäpli Mukaddes Kitapda Hudaýyň «bir adam arkaly ähli milletleri döredendigi» aýdylýar (Resullar 17:26). Milletiniň tapawutlanýandygyna garamazdan, adamlaryň ählisi bir maşgaladyr. Emma ýaşaýan ýeriňizde adamlar milletparazlyk edýän bolsa näme?

Paýhasly adamlar maslahatlaşýar

 Hudaý başga milletli adam bilen durmuş gurmaga ýol berse-de, köp adamlar munuň bilen razylaşmaýar (Işaýa 55:8, 9). Eger siz başga milletli adam bilen durmuş gurmak isleýän bolsaňyz, gelejekki ýanýoldaşyňyz bilen aşakdaky soraglaryň üstünde pikir alşyp bilersiňiz:

  •   Dogan-garyndaşlaryňyz we başga adamlar tarapyndan bolup biläýjek kynçylyklara nädip döz gelersiňiz?

  •   Çagalaryňyza milletparazlyk bilen bagly kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edip bilersiňiz?

 Bu meseläni bilelikde ara alyp maslahatlaşsaňyz, bagtly maşgala durmuşyny gurmaga kömek eder (Nakyllar 13:10; 21:5).