Hudaýyň Patyşalygy näme?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hudaýyň Patyşalygy Ýehowa («Ýehowa» sözi üçin Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň «Hudaýyň ady barmy?» diýen bölümine giriň) Hudaýyň dikelden hökümetidir. Mukaddes Kitapda «Hudaýyň Patyşalygyna» «gögüň Patyşalygy» hem diýilýär, sebäbi ol gökde ýerleşýär (Markus 1:14, 15; Matta 4:17). Hudaýyň Patyşalygynyň köp tarapy ynsan hökümetleriniňkä meňzeş bolsa-da, ol olaryň ählisinden beýikdir.
Hökümdarlary. Hudaý öz Patyşalygyna Isa Mesihi («Isa Mesih» sözi üçin Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň «Isa pygamber ýöne bir gowy adamdymy?» diýen bölümine giriň) patyşa edip belläp, oňa ähli ynsan hökümdarlaryndan ýokary bolan ygtyýar berdi (Matta 28:18). Isa şol ygtyýary diňe ýagşylyk etmek üçin ulanýar. Ol özüniň ynamdar we duýgudaşlyk bildirýän ýolbaşçydygyny eýýäm subut etdi (Matta 4:23; Markus 1:40, 41; 6:31—34; Luka 7:11—17). Hudaýyň görkezmesi bilen, Isa her milletden özi bilen gökde «patyşalar... bolup, ýeriň üstünden höküm sürjek» adamlary saýlady (Ylham 5:9, 10).
Dowamlylygy. Gelip-geçip durýan ynsan hökümetlerinden tapawutlylykda, Hudaýyň Patyşalygy «hiç wagt dargadylmaz» (Danyýar 2:44).
Raýatlary. Islendik halkdan we ýurtdan bolan, Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adamlaryň ählisi Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolup bilýär (Resullar 10:34, 35).
Kanunlary. Hudaýyň Patyşalygynyň kada-kanunlary diňe bir erbet işlerden gaça durmagy talap etmeýär. Bu kanunlaryň esasynda raýatlar üçin ýörite ahlak kadalar hem goýulýar. Mysal üçin, Mukaddes Kitapda: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“. Bu birinji we iň wajyp tabşyrykdyr. Ikinji tabşyryk hem şuňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» diýilýär (Matta 22:37—39). Patyşalygyň raýatlary Hudaýy we ýakynyny ýürekden söýýändigi üçin, öz peýdasyny gözlemän, başgalara ýagşylyk etmäge jan edýärler.
Berýän bilimi. Hudaýyň Patyşalygy öz raýatlaryna ýokary kadalary bermek bilen çäklenmän, olary nädip ýerine ýetirmelidigini hem öwredýär (Işaýa 48:17, 18).
Ýerine ýetirmeli işi. Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlary öz raýatlarynyň hasabyna baýamaýar. Bu Patyşalyk Hudaýyň islegini, şol sanda Hudaýy söýýän adamlaryň ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşajakdygy barada beren wadasyny amala aşyrar (Işaýa 35:1, 5, 6; Matta 6:10; Ylham 21:1—4).