Isa pygamber ynsan bedeninde direldimi ýa-da ruhy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda: «Ol (Isa) ynsan bolup öldi, ýöne ruh bolup direldi» diýilýär (1 Petrus 3:18; Resullar 13:34; 1 Korinfliler 15:45; 2 Korinfliler 5:16).
Isanyň hut öz sözleri hem onuň ynsan bedeninde direlmändigini görkezýär. Ol ynsan bedenini «adamzat üçin berjekdigini» aýtdy (Ýahýa 6:51; Matta 20:28). Eger ol direlenden soň, ynsan bedenini yzyna alan bolsa, onda töleg gurbanynyň güýji bolmazdy. Emma Isa beýle etmedi, sebäbi Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, ol muny «bir gezekde hemişelik... etdi» (Ýewreýler 9:11, 12).
Isa pygamber ruhy şahsyýet hökmünde direlen bolsa, şägirtleri ony görüp bilerdimi?
Perişdeler ynsan keşbine girip bilýärler. Meselem, geçmişde perişdeler hatda adamlar bilen bile iýip-içdiler (1 Musa 18:1—8; 19:1—3). Ýöne olar perişdeligine galdy, sebäbi ynsan bedeninden çykyp bilýärdiler (Serdarlar 13:15—21).
Isa pygamber hem direlenden soň, perişdeler ýaly wagtlaýynça ynsan keşbine giripdi. Emma perişde bolandygy üçin, ol birdenkä peýda bolup, birdenem gözden gaýyp bolýardy (Luka 24:31; Ýahýa 20:19, 26). Her gezek peýda bolanda, onuň keşbi öňküsinden tapawutlanýardy. Şol sebäpli ony hatda ýakyn dostlary-da diňe aýdan sözünden ýa-da eden işinden tanaýardylar (Luka 24:30, 31, 35; Ýahýa 20:14—16; 21:6, 7).
Isa Tomas atly resulyna ýaraly bedeninde göründi. Ol muny Tomasyň imanyny berkitmek üçin etdi. Sebäbi ol Isanyň direlendigine şübhelenýärdi (Ýahýa 20:24—29).