Mukaddes Kitabyň üýtgedilen ýa-da manysynyň ýoýlan ýeri barmy?
Ýok. Gadymy golýazmalar bir-biri bilen deňeşdirilende, Mukaddes Kitabyň müňlerçe ýylyň dowamynda zeper ýetýän zatlara göçürilendigine garamazdan, onuň üýtgedilmändigi anyklanyldy.
Mukaddes Kitaby göçüren adamlar ýalňyşlyk goýbermedilermi?
Şu günlere çenli Mukaddes Kitabyň gadymy nusgalaryndan ençemesi tapyldy. Olaryň käbiri bir-birinden tapawutlanýar; bu bolsa ony göçürenlerinde, ýalňyşlyk goýberendiklerini görkezýär. Ýalňyşlyklaryň köpüsi ujypsyz bolandygy üçin, tekstiň manysyna täsir etmändir. Emma käbiri şeýle uly welin, hatda olar gadymy döwürde Mukaddes Kitaba bilgeşleýin üýtgeşiklik girizilmegine getirdi. Geliň, iki mysala seredeliň:
Mukaddes Kitabyň käbir gadymy terjimelerinde 1 Ýahýa 5:6-da: «Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir» diýilýär. Ýöne ygtybarly golýazmalar asyl nusgada şeýle sözleriň ýokdugyny we olaryň soň goşulandygyny tassyklaýar a. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň häzirki ygtybarly terjimelerinde bu sözler agzalmaýar.
Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalarynda Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelýär. Emma köp terjimelerde onuň ady «Reb» we «Hudaý» diýen titullara üýtgedilipdir.
Mukaddes Kitapda näme üçin başga ýalňyşlyklar ýok diýse bolar?
Şu günlere çenli gadymy golýazmalaryň örän köp tapylandygy üçin, ondaky goýberilen ýalňyşlyklary anyklamak kyn däl b. Olary bir-biri bilen deňeşdirip, Mukaddes Kitabyň dogrudygy barada nähili netijä gelse bolar?
Ýewreý ýazgylary (Köne Äht) barada Uilýam Grin alymy şeýle belläp geçdi: «Hiç bir gadymy golýazmanyň şeýle dogry edip göçürilendigini ynam bilen aýdyp bolmasa gerek».
Grek ýazgylary, ýagny Täze Äht barada Friderik Brýus alymy şeýle ýazdy: «Täze Äht baradaky subutnamalar klassyky eserleriň takyklygyny barlamak üçin getirilýän subutnamalardan has köp we olar hiç hili şübhe döretmeýär».
Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny barlamakda ady belli alym Frederik Kenon şeýle netijä geldi: «Adam eline Mukaddes Kitaby alyp, onuň Hudaýyň Sözüdigini we biziň günlerimize çenli nesilden-nesle üýtgedilmän gelip ýetendigini batyrgaýlyk bilen şübhelenmän aýdyp biler».
Mukaddes Kitabyň şu günlere çenli üýtgedilmän gelip ýetendigini görkezýän ýene nähili subutnamalar bar?
Ýewreý we Grek ýazgylaryny göçüren adamlaryň ählisi Hudaýyň halkynyň goýberen agyr ýalňyşlyklaryny ýoýman ýazypdyrlar c (4 Musa 20:12; 2 Şamuwel 11:2—4; Galatýalylar 2:11—14). Olar ýehudylaryň gulak asmandygy üçin ýazgarylandygy we adamlaryň oýlap tapan taglymatlary üçin paş edilendigi baradaky aýatlary üýtgetmändirler (Hoşeýa 4:2; Melek 2:8, 9; Matta 23:8, 9; 1 Ýahýa 5:21). Aýatlary ýoýman geçirmek bilen, bu adamlar ynama mynasypdyklaryny we Hudaýyň Sözüne çuňňur hormat goýýandyklaryny görkezdiler.
Eger Hudaý Mukaddes Kitaby ylhamlandyryp ýazdyran bolsa, onuň içindäki sözleriň ýoýulmazlygy üçin aladasyny edip bilmezdimi? d (Işaýa 40:8; 1 Petrus 1:24, 25). Hudaý Mukaddes Kitaby diňe geçmişde ýaşan gullukçylary däl-de, eýsem, biziň hem peýdamyz üçin ýazdyrdy (1 Korinfliler 10:11). Dogrudanam, «öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Olar bize umyt berýär, çünki Ýazgylardaky zatlar çydamly bolmaga kömek edýär we teselli berýär» (Rimliler 15:4).
Isa pygamber we onuň şägirtleri Ýewreý ýazgylaryna arkaýyn salgylanýardy, sebäbi onuň ýoýulmandygyna doly ynanýardylar (Luka 4:16—21; Resullar 17:1—3).
a Bu sözler Sinaý we Aleksandiriýa kodeksinde, Watikan golýazmasynda (1209 ý), latyn Wulgatasynyň asyl nusgasynda, siriýa dilindäki Filokseniýa-Harkliniň hem-de Peşittanyň terjimesinde ýok.
b Meselem, Täze Ähtiň, ýagny Grek ýazgylaryň 5 müňden gowragy tapyldy.
c Mukaddes Kitapda Hudaýyň gullukçylarynyň günäsizdigi aýdylmaýar. Onda: «Günä etmeýän adam ýokdur» diýilýär (1 Patyşalar 8:46).
d Mukaddes Kitabyň aýtmagyna görä, Hudaý ony sözme-söz ýazdyrtman, olary ýazan adamlaryň pikirini ugrukdyrypdyr (2 Timoteos 3:16, 17; 2 Petrus 1:21).