Mukaddes Kitap ynsan akyldarlygy bilen ýazylan kitapmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitaba Hudaýyň Sözi hem diýilýär. Onda ençeme parasatly sözler ýazylan. Mukaddes Kitabyň özünde-de: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandyr» diýilýär (2 Timoteos 3:16). Bu sözleriň dogrudygyny tassyklaýan ençeme subutnamalar bar. Geliň, olaryň käbirine seredeliň:
Hiç bir adam Mukaddes Kitabyň taryhy taýdan dogrulygyny doly şübhä goýup bilmeýär.
Mukaddes Kitaby ýazan adamlar ähli zady dogruçyl hem-de açyk beýan edipdirler. Olaryň dogruçyllygy Ýazgylaryň hakykatdygyna şek-şübhe galdyrmaýar.
Mukaddes Kitabyň esasy bir temasy bar: Hudaýyň adamzadyň üstünden hökümdarlyk etmäge haklydygyny subut etmek we gökdäki Patyşalygy arkaly niýetini amala aşyrmak.
Mukaddes Kitap müňlerçe ýyl mundan ozal ýazylan bolsa-da, onda gadymy döwürde giňden ýaýran nädogry ylmy düşünjeler ýok.
Taryhy dokumentler Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň doly ýerine ýetendigini subut edýär.