Mukaddes Kitapda Pasha baýramy barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Pasha baýramçylygy Mukaddes Kitaba esaslanmaýar. Eger onuň gelip çykyşyna üns berseňiz, Pasha baýramynyň gadymy döwürde hasyllylyk adaty bilen baglydygyna göz ýetirersiňiz. Geliň, käbir aýratynlyklaryna seredeliň:
Ady: Britannika ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Iňlis dilinde «Easter» diýen sözüň nämäni aňladýandygy näbelli; VIII asyrda Anglo-Sakson ruhanysy Bede Wenerable ony şol halkyň ýaz paslynyň aýal taňrysy Eostre bagyşlady». Beýleki taryhy çeşmelerde bolsa, ony finleriň hasyl taňrysy Astarte, ýagny Wawilonyň Iştar taňrysyna bagyşlandyklary aýdylýar.
Towşanlar: Bu hasyllylygyň nyşany bolup, «gadymy däp-dessurlaryň biri hasaplanýar. Ol Ýewropa hem-de günorta-günbatar Aziýa ýurtlarynda bellenilýän butparazlaryň ýaz baýramçylygyndan gelip çykan» («Encyclopædia Britannica»).
Ýumurtgalar: Bir kitapda aýdylmagyna görä, Pasha ýumurtgalaryny Pasha towşanynyň getirýändigine ynanyp, ony goramak «bu çagalaryň oýny däl-de, hasyllylygyň nyşany hasaplanýar» («Funk & Wagnalls Standard Dictionary of Folklore, Mythology and Legend»). Käbir medeniýetler Pasha ýumurtgalaryny reňklemegiň «gudrat bilen bagt, parahatlyk, saglyk we gorag berýändigine» ynanypdyrlar («Traditional Festivals»).
Täze pasha eşigi: «Skandinawiýanyň ýaz taňrysy Eastry köne egin-eşigiň bilen garşylamak hormatsyzlyk hasaplanypdyr we munuň betbagtlyk getirýändigine ynanypdyrlar» («The Giant Book of Superstitions»).
Günüň dogşy bilen bagly däpler: Bu däp gadymy döwürde güne sežde edýän adamlaryň «ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşen wagty güni we onuň bütin tebigata ýaşaýyş berýän güýjüni garşylamak» bilen bagly bolupdyr («Celebrations—The Complete Book of American Holidays»).
«Katolik ensiklopediýasynda» hristianlaryň pasha baýramynyň gelip çykyşy aýdyň düşündirilýär: «Köp halklaryň pashalyk nyşanlary heniz hristian dini döremänkä bellenilýän ýazky baýramçylyklardan, köp bölegi bolsa hasyllylyk bilen bagly butparaz däp-dessurlardan gelip çykdy».
Mukaddes Kitapda Hudaýyň göwnünden turmak üçin Oňa ýaramaýan däp-dessurlara we adatlara eýermeli däldigi barada duýduryş berilýär (Markus 7:6—8). 2 Korinfliler 6:17-de şeýle diýilýär: «Ýehowa şeýle diýýär: „Olardan aýrylyň. Haram zatlara el degirmäň“». Hudaýy razy etmek isleýän adamlar butparazlykdan gelip çykan Pasha baýramyny bellemez.