Esasy materiala geçiň

Mukaddes ruh näme?

Mukaddes ruh näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes ruh bu Hudaýyň hereketdäki güýjüdir, ýagny ol öz güýji bilen ähli zady amala aşyrýar (Mika 3:8; Luka 1:35). Hudaý islegini amala aşyrmak üçin, öz mukaddes ruhuny islendik ýerde ulanyp bilýär (Zebur 104:30; 139:7).

 Mukaddes Kitapda «ruh» diýen söz ýewreýçe «ruah», grekçe «pnewma» diýen sözlerden terjime edilen. Köplenç bu sözler Hudaýyň hereketdäki güýjüne, ýagny mukaddes ruhuna degişli edilip ulanylýar (1 Musa 1:2). Emma Mukaddes Kitapda bu sözler başga manylarda hem ulanylýar. Meselem:

 Bu zatlar adamyň gözüne görünmese-de, olaryň täsirini duýsa bolýar. Bir sözlükde aýdylmagyna görä, Hudaýyň ruhy hem «ýel ýaly göze görünmeýän we el bilen tutup bolmaýan güýçdür» (W. E. Waýn, «An Expository Dictionary of New Testament Words»).

 Şeýle-de Mukaddes Kitapda mukaddes ruha Hudaýyň «eli» ýa-da «barmaklary» diýilýär (Zebur 8:3; 19:1; Luka 11:20; Matta 12:28-i deňeşdiriň). Zergäriň eli we barmaklary bilen bir zat ýasaýşy ýaly, Hudaý hem mukaddes ruhy arkaly şu zatlary etdi:

Mukaddes ruh şahsyýet däl

 Mukaddes Kitapda mukaddes ruha Hudaýyň «eli», «barmaklary» we «demi» diýilmegi, onuň şahsyýet däldigini görkezýär (2 Musa 15:8, 10). Zergäriň aň-düşünjesi we bedeni bolmasa, eliniň öz-özünden hereket edip bilmeýşi ýaly, Hudaýyň mukaddes ruhy hem diňe onuň görkezmesine görä hereket edýär (Luka 11:13). Şeýle-de Mukaddes Kitapda Hudaýyň ruhy suw bilen deňeşdirilip, iman we bilim ýaly zatlar bilen agzalýar. Şeýle meňzetmeler mukaddes ruhuň aýratyn şahsyýet däldigini görkezýär (Işaýa 44:3; Resullar 6:5; 2 Korinfliler 6:6).

 Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýyň we onuň Ogly Isa Mesihiň ady agzalsa-da, hiç bir ýerinde mukaddes ruhuň ady barada aýdylmaýar (Işaýa 42:8; Luka 1:31). Hudaýa gulluk edendigi üçin ejir çeken Stefanusa hem gudrat arkaly görnüş berlende, ol gökde üç sany däl-de, iki şahsyýeti görýär. Mukaddes Kitapda: «Ol mukaddes ruhdan dolup, göge sereden-de, Hudaýyň şöhratyny hem-de Onuň sag tarapynda duran Isany gördi» diýilýär (Resullar 7:55). Hawa, Stefanusa Hudaýyň hereketdäki güýji bolan mukaddes ruh arkaly görnüş berlipdi.

Mukaddes ruh baradaky nädogry düşünjeler

 Nädogry düşünje: Matta 28:19, 20-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, «mukaddes ruh» Üç ýüzli taňrynyň bir bölegi bolup durýar.

 Hakykat: Matta 28:19, 20-nji aýatlarda Ata, Ogul we mukaddes ruh birlikde agzalýar. Käbirleri muňa Üç ýüzli taňry diýip düşünýärler. Emma siziň özüňiz şol aýatlary okap görüň. Eýsem, bu ýerde olaryň üçüsiniňem bir Hudaýdygy we güýjüniň, ygtyýarynyň hem-de akyldarlygynyň deňdigi aýdylýarmy? Elbetde, ýok. Mukaddes Kitapda bularyň üçüsiniň bilelikde agzalýan beýleki aýatlary barada hem şeýle diýse bolar.

 Nädogry düşünje: Mukaddes Kitapda mukaddes ruh janlandyrylyp görkezilýär, bu bolsa onuň aýratyn şahsyýetdigini aýan edýär.

 Hakykat: Mukaddes Kitapda käwagt mukaddes ruh janlandyrylyp görkezilýär. Mysal üçin, Isa mukaddes ruhuň bize ähli zady açyk görkezip, görkezme berip, «kömek etjekdigini» aýtdy. Şeýle-de Isa mukaddes ruhuň öwredip, eşidip, yglan edip, şöhratlandyryp bilýändigini belläp geçip, ony janlandyryp görkezdi (Ýahýa 16:7—15). Emma bu onuň aýratyn şahsyýetdigini aňlatmaýar. Sebäbi Mukaddes Kitapda akyldarlyk, ölüm we günä hem janlandyrylyp görkezilýär (Nakyllar 1:20; Rimliler 5:17, 21). Meselem, Muakddes Kitapda akyldarlygyň «işleriniň» bardygy we günäniň bizi erbet ýola iterýändigi, öldürýändigi we açgözlügi döredýändigi aýdylýar (Matta 11:19; Luka 7:35; Rimliler 7:8, 11).

 Nädogry düşünje: Mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek onuň şahsyýetdigini görkezýär.

 Hakykat: Mukaddes Kitapda «at» sözi käwagt biriniň güýjüni ýa-da ygtyýaryny görkezmek üçin ulanylýar (5 Musa 18:5, 19—22; Ester 8:10). Mysal üçin, «kanunyň adyndan» diýlende-de, bu kanunyň aýratyn bir şahsyýetdigini aňlatmaýar. Mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilýän adam hem mukaddes ruhuň Hudaýyň isleginiň amala aşmagynda wajyp orun eýeleýän güýçdügine düşünýändigini görkezýär (Matta 28:19).

 Nädogry düşünje: Isa pygamberiň resullary we ilkinji şägirtleri mukaddes ruhuň şahsyýetdigine ynanypdyrlar.

 Hakykat: Bu barada Mukaddes Kitapda-da, taryhy maglumatlarda-da hiç zat aýdylmaýar. «Britan ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «B. e. 381-nji ýylynda geçirilen Konstantinopol Mejlisinde mukaddes ruh Hudaýyň şahsyýetiniň bir bölegi diýen netijä gelindi». Bu bolsa resullaryň iň soňkusynyň aradan çykanyna 250 ýyldan gowrak wagt geçensoň bolupdy.