Näme barada doga etsem bolar?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Siz Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň talaplaryna laýyk gelýän islendik zat barada doga edip bilersiňiz. «Hudaýyň islegine görä her näme dilesek-de, Ol bizi eşidýär» (1 Ýahýa 5:14). Özüňizi biynjalyk edýän zatlar barada doga edip bilersiňizmi? Hawa. Mukaddes Kitapda: «Ýüregiňizi Oňa (Hudaýa) döküň» diýilýär (Zebur 62:8).
Näme barada doga edip bileris:?
Hudaýa iman etmek barada (Luka 17:5).
Dogry işleri etmäge kömek eder ýaly, Hudaýyň hereketdäki güýji, ýagny mukaddes ruhy barada (Luka 11:13).
Kynçylyklara döz gelip, synaglara garşy durup biler ýaly güýç sorap (Filipililer 4:13).
Kalbymyza rahatlyk bermegi barada (Filipililer 4:6, 7).
Dogry kararlara geler ýaly akyldarlyk bermegi barada (Ýakup 1:5).
Gündelik zerurlyklarymyz barada (Matta 6:11).
Günälerimiziň bagyşlanmagy barada (Matta 6:12).