Ot köli näme?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Ot köli hemişelik ýok edilmegi aňladýar. Ol Jähennem bilen birmeňzeş, emma adamzat mazarçylygy bolan Gabyrdan tapawutlanýar.
Göni manydaky köl däl
«Ot köli» Mukaddes Kitabyň bäş aýadynda agzalýar. Olaryň hemmesinde-de onuň göni manydaky köl däl-de, göçme manyda ulanylýandygy görkezilýär (Ylham 19:20; 20:10, 14, 15; 21:8). Ot kölüne zyňyljaklar şulardyr:
Iblis (Ylham 20:10). Ol ruhy şahsyýet bolany üçin, oňa göni manydaky ot zyýan ýetirip bilmez (2 Musa 3:2; Serdarlar 13:20).
Ölüm (Ylham 20:14). Ony eliň bilen tutup, bir ýere zyňyp bolmaýar. Ölüm hereketsizligi we ýaşaýyşdan mahrum bolmagy aňladýar (Nesihat 9:10). Ony göni manyda ýakyp bolmaýar.
«Wagşy haýwan» we «ýalan pygamber» (Ylham 19:20). Bular göçme manyda ulanylýar. Onda olaryň zyňyljak köli hem göçme manyda bolmazmy? (Ylham 13:11, 12; 16:13).
Hemişelik ýok edilmegi aňladýar
Mukaddes Kitapda ölümiň iki görnüşi barada aýdylýar. Ot köli «ikinji ölümi aňladýar» (Ylham 20:14; 21:8). Mukaddes Kitapda agzalýan birinji ölüm Adam atanyň günäsi sebäpli döräpdi. Şeýle ölüm bilen aradan çykan adamlar direldiler. Wagtyň geçmegi bilen, Hudaý bu ölümi bütinleý ýok eder (1 Korinfliler 15:21, 22, 26).
Göçme manydaky ot kölünden çykyp bolmaýar
Ot köli bolsa «ikinji ölümi» suratlandyrýar. Aslynda, bu ölüm hem doly hereketsizligi aňladýar. Ýöne Mukaddes Kitapda ikinji ölümden direlip bolýandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Mysal üçin, Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, Isada «ölümiň we Gabryň açarlary» bar. Bu bolsa onuň ynsanlary Adam atanyň günäsi sebäpli dörän ölümden azat etmäge ygtyýarynyň bardygyny görkezýär (Ylham 1:18; 20:13). Emma Isada-da, başga birinde-de ot kölüniň açary ýok. Bu göçme manydaky köl hemişelik ýok edilip, ebedilik jezalandyrylmagy aňladýar (2 Selanikliler 1:9).
«Ot köli» Jähennem, ýagny Hinnom jülgesi bilen birmeňzeş
«Jähennem» (grekçe «geýenna») sözi Mukaddes Kitapda 12 gezek duş gelýär. Bu hem edil ot köli ýaly hemişelik ýok edilmegi aňladýar. Käbir terjimelerde «Jähennem» sözi «dowzah» diýip terjime edilse-de, aslynda, ol dowzahdan tapawutlanýar (ýewreýçe «şeol», grekçe «gades»).
«Jähennem» sözi göni manyda «Hinnom jülgesi» diýmegi aňladýar. Gadymy Iýerusalimiň galasynyň daşynda şeýle jülge bardy. Öňki döwürde şäheriň adamlary şol jülgä hapa taşlaýan ekenler. Olar şol ýerde hemişe ot ýakyp goýup, gerekmejek zatlaryny otlapdyrlar, ot degmedik zatlary bolsa gurçuklar iýipdir.
Isa-da «Jähennem» diýende, hemişelik ýok edilmegi göz öňünde tutupdy (Matta 23:33). Ol: «Jähennemde ne gurt ölýändir, ne-de ot sönýändir» diýdi (Markus 9:47, 48). Ol bu sözleri aýdanda, Hinnom jülgesine we Işaýa 66:24-däki pygamberlige salgylanypdy. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez». Isa jebir çekmek hakda däl-de, bütinleý ýok edilmek barada aýdypdy. Gurtlaram, odam diri adamlary däl-de, jesetleri ýok edip taşlaýardy.
Mukaddes Kitabyň hiç bir ýerinde Jähennemden çykyp bolýandygy barada aýdylmaýar. «Ot köli» ýaly, «Jähennem ody» hem gutarnykly hem-de doly ýok edilmegi aňladýar (Ylham 20:14, 15; 21:8; Matta 18:9).
«Olar gije-gündiz baky hem ebedi jebir çekerler» diýen sözlere nähili düşünmeli?
Eger ot köli hemişelik ýok edilmegi aňladýan bolsa, onda näme üçin Mukaddes Kitapda Iblis, wagşy haýwan we ýalan pygamber «gije-gündiz baky hem ebedi jebir çeker» diýilýär? (Ylham 20:10). Bu aýatda göni manyda jebir çekmek barada aýdylmaýar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, munuň 4 sebäbine seredeliň.
Iblisiň baky jebir çekmegi üçin, ony ebedilik diri galdyrmaly bolardy. Emma Mukaddes Kitapda onuň heläk ediljekdigi, ýagny bütinleý ýok ediljekdigi aýdylýar (Ýewreýler 2:14).
Ebedi ýaşaýyş — Hudaýyň jezasy däl-de, sowgady (Rimliler 6:23).
Wagşy haýwan we ýalan pygamber göçme manyda ulanylýar. Şol sebäpli olary göni manyda gynap bolmaýar.
Mukaddes Kitapdaky aýatlara görä, Iblisiň jebir çekmegi onuň hemişelik baglanmagyny ýa-da ýok edilmegini aňladýar.
Mukaddes Kitapda «jebir çekmek» diýip terjime edilen söz «baglanan» diýmegi hem aňladyp bilýär. Meselem, Matta 18:34-däki «gynaýanlar» diýen grek sözüne derek köp terjimelerde «garawullar» diýen söz ulanylýar. Bu bolsa «jebir çekmek» hem-de «baglanmak» diýen sözleriň özara baglanyşyklydygyny görkezýär. Şeýle-de Matta 8:29-daky we Luka 8:30, 31-däki parallel aýatlarda «jebir çekmek» sözi «düýpsüz çuňluk» bilen deň edip görkezilýär. Bu bolsa doly hereketsizligi ýa-da ölümi aňladýar (Rimliler 10:7; Ylham 20:1, 3). Ylham kitabynda «jebir çekmek» sözi göçme manyda birnäçe gezek ulanylýar (Ylham 9:5; 11:10; 18:7, 10).