Esasy materiala geçiň

Ylham kitabynda näme barada aýdylýar?

Ylham kitabynda näme barada aýdylýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitabyň Ylham kitabynyň grek dilindäki «Apokalipsis» diýen ady «aýan etmegi» ýa-da «äşgär etmegi» aňladýar. Bu at Ylham kitabynyň adynyň näme aňladýandygyny görkezip, onda gizlin syrlar we ýazylanyndan köp ýyl geçensoň boljak wakalar aýan edilýär. Ondaky pygamberlikleriň köpüsi entek doly ýerine ýetmedi.

Ylham kitabynyň mazmuny

Ylham kitabynyň manysy

  1.   Bu kitapdaky sözler Hudaýa gulluk edýän adamlary gorkuzmaýar, gaýtam, umyt berýär. «Apokalipsis» sözüni eşidenlerinde köp adamlaryň uly betbagtçylyk göz öňüne gelýär. Emma Ylham kitabynyň başyndan ahyryna çenli aýdylýan zatlar ony okaýan, düşünýän we şoňa görä ýaşaýan adamlara köp peýda getirýär (Ylham 1:3; 22:7).

  2.   Ylham kitabynda göni manyda düşünip bolmaýan birnäçe «alamatlar» ýa-da görnüşler ulanylýar (Ylham 1:1).

  3.   Ylham kitabyndaky gahrymanlaryň we alamatlaryň köpüsi Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplarynda-da agzalýar:

  4.   Ylham kitabyndaky görnüşler «Halypamyzyň güni», ýagny 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar bolmagy we Isa Mesihiň patyşalyk edip başlamagy bilen baglanyşyklydyr (Ylham 1:10). Şol sebäpli biz bu kitapda aýdylýan zatlaryň köpüsiniň biziň günlerimizde ýerine ýetjekdigine ynamly bolup bileris.

  5.   Biz Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplary ýaly, Ylham kitabyndaky aýdylýan zatlara-da düşünip bileris. Munuň üçin biz Hudaýdan akyldarlyk dilemeli we Mukaddes Kitaba gowy düşünýän adamlardan kömek soramaly (Resullar 8:26—39; Ýakup 1:5).